Ï TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

TÜRKMENISTANYŇ KANUNY <br>«Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna üýtgetmeler we goşmaçalar girizmek hakynda

view-icon 12765
I. 2011-nji ýylyň 21-nji maýynda kabul edilen «Türkmenistanyň içeri işler edaralary hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna (Türkmenistanyň Mejlisiniň Maglumatlary, 2011 ý., № 2, 39-njy madda; 2016 ý., № 1, 64-nji madda) şu üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmeli:

1. 3-nji maddanyň birinji böleginiň 5-nji bendini şu görnüşde beýan etmeli:

«5) neşe serişdeleriniň, psihotrop maddalaryň we prekursorlaryň (mundan beýläk — neşe serişdeleri) hem-de alkogolly we temmäki önümleriň, nasyň, psihoaktiw, güýçli täsir edýän ýa-da beýleki seri dumanladyjy maddalaryň (mundan beýläk — seri dumanladyjy maddalar) bikanun dolanyşygyna garşy hereket etmek barada döwlet syýasatyny durmuşa geçirmek;».

2. Kanunyň ýazgysynda «operatiw-agtaryş» we «operatiw» diýen sözleri degişlilikde «dessin-agtaryş» we «dessin» diýen sözlere çalşyrmaly.

3. 15-nji maddanyň 19-njy bendinde «we dolandyryş» diýen sözleri aýyrmaly.

4. 16-njy maddanyň birinji böleginde:

1-nji bendi şu görnüşde beýan etmeli:

«1) jemgyýetçilik tertibini hem-de jemgyýetçilik howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen Türkmenistanyň kanunçylygynda bellenilen tertipde raýatlaryň aýry-aýry ýerlere, sebitlere ýa-da desgalara barmagyny wagtlaýyn çäklendirmäge ýa-da gadagan etmäge, olary şol ýerlerden gitmäge borçly etmäge, şeýle hem Ýol hereketiniň kadalary bozulyp, ulag serişdeleriniň gözegçiliksiz goýlup gidilen, ýoluň gatnawly böleginiň emeli daraldylan ýa-da girelgeler beklenen halatlarynda ulag serişdelerini wagtlaýyn saklamak üçin ýörite meýdançalara alyp gitmek boýunça çäreleri görmäge;».

19-njy bentden soň şu mazmunly bendi goşmaly:

«191) jemgyýetçilik tertibini pugtalandyrmak, jenaýatlaryň we administratiw hukuk bozulmalarynyň öňüni almak, üstüni açmak, şeýle hem edilen jenaýatlaryň we administratiw hukuk bozulmalaryň amala aşyrylan ýagdaýlaryny hem-de olary amala aşyran adamlary anyklamak maksady bilen ýörite tehniki serişdeleriň görkezijilerini, şekil görnüşde hasaba alyş enjamlaryň, wideogözegçilik ulgamynyň we beýleki serişdeleriň wideoýazgylaryny peýdalanmaga;».

5. 17-nji maddany şu görnüşde beýan etmeli:

«17-nji madda. Içeri işler edaralarynyň dessin-agtaryş işleri

1. Içeri işler edaralarynyň dessin-agtaryş işleri «Dessin-agtaryş işi hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda amala aşyrylýar.

2. Içeri işler edaralarynyň dessin-agtaryş işlerine gözegçiligi Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi amala aşyrýar.».

6. 26-njy maddanyň 7-nji bendinde «alkogolly içgilerden, neşe we» diýen sözleri «neşe serişdelerinden, alkogolly içgilerden ýa-da» diýen sözlere çalşyrmaly.

7. 30-njy maddanyň birinji we ikinji böleklerinde «dynç we baýramçylyk günlerinde» we «dynç we baýramçylyk günleri» diýen sözleri degişlilikde «dynç alyş, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günlerinde» we «dynç, işlenilmeýän baýramçylyk we hatyra günleri» diýen sözlere çalşyrmaly.

8. 34-nji maddada altynjy bölekden soň, şu mazmunly bölekleri goşmaly:

«61. Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň we welaýatlaryň polisiýa müdirlikleriniň Lukmançylyk gulluklarynyň ýanyndaky saglyk öýlerinde (mundan beýläk — saglyk öýleri) içeri işler edaralarynyň işgärleri, içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetendigi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi netijesinde gullukdan boşanlar (eger gullukda bolan wagtynyň umumy dowamlylygy 20 ýyl we şondan köp bolsa), Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar we olara deňleşdirilýänler, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda maýyp bolanlar (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellänler, şeýle hem döwlet sylaglary bilen sylaglananlar lukmançylyk kömegi, derman serişdeleri bilen tölegsiz üpjün edilýärler.

62. Saglyk öýlerinde içeri işler edaralarynyň ofiser düzüminiň uly we ýokary derejeli ofiserlerine, şol sanda gulluk eden ýyly 10 ýyl we şondan köp bolan kiçi derejeli ofiserler hem-de hatarçy we seržantlar düzüminiň işgärlerine, içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýetendigi, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi netijesinde gullukdan boşanlar (eger gullukda bolan wagtynyň umumy dowamlylygy 20 ýyl we şondan köp bolsa), Beýik Watançylyk urşuna gatnaşanlar we olara deňleşdirilýänler, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda maýyp bolanlar diş protezlerini (gymmat metallardan ýasalýan protezlerden başga) oturtmak, abatlamak, beýleki protezler we protez-ortopediki önümleri, näsaga ideg etmek üçin enjamlar, maýyplar üçin araba bilen tölegsiz üpjün edilýär.

63. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň gulluk edýän ýerinde ýa-da ýaşaýan ýerinde saglyk öýleriniň bolmadyk ýa-da ýörite lukmançylyk enjamlary bolmadyk halatynda, şeýle hem gaýragoýulmasyz halatlarda lukmançylyk kömegi döwlet saglygy goraýyş ulgamlarynda olaryň nirä tabyndygyna, şonuň ýaly-da saglygy goraýyş edarasynyň eýeçiliginiň görnüşine garamazdan hiç bir päsgelçiliksiz hem-de tölegsiz berilýär. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň özüni bejertmek üçin harç eden serişdeleriniň öwezini oňa içeri işler edaralary töleýär.

64. Içeri işler edaralarynyň işgärleri her ýyl lukmançylyk gözegçiliginden geçýärler, olar bilen kesel bejeriş-öňüni alyş çäreleri geçirilýär. Akyly üýtgemek alamatlary bolan içeri işler edaralarynyň işgärleri Türkmenistanyň kanunlaryna laýyklykda lukmançylyk gözegçiliginden geçmäge hem-de ýatymlaýyn şertlerde barladyp, bejertmäge iberilýär.

65. Içeri işler edaralarynyň işgärleriniň, şeýle hem içeri işler edaralarynda gullukda bolmagyň aňryçäk ýaşyna ýeten, saglyk ýagdaýy ýa-da guramaçylyk-wezipe çäreleriniň geçirilmegi netijesinde gullukdan boşan (eger gullukda bolan wagtynyň umumy dowamlylygy 20 ýyl we şondan köp bolsa), Beýik Watançylyk urşuna gatnaşan we olara deňleşdirilen, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda maýyp bolan, gulluk borçlaryny ýerine ýetirýän wagtynda wepat bolan ýa-da maýyp bolmagy (ýaralanmagy, synasyna şikes ýetmegi, seňselemegi), kesellemegi netijesinde aradan çykan içeri işler edaralarynyň işgärleriniň maşgala agzalary (aýaly, äri, 18 ýaşa ýetmedik çagalary), şonuň ýaly-da olaryň eklenjindäki adamlar saglyk öýlerinde tölegsiz lukmançylyk kömegini almaga haklydyrlar. Maşgala agzalarynyň ýaşaýan ýerinde saglyk öýleri ýa-da ýörite lukmançylyk enjamlary bolmadyk halatynda, şeýle hem gaýragoýulmasyz halatlarda lukmançylyk kömegi saglygy goraýyş edaralarynda umumy esaslarda berilýär.».

9. 37-nji we 38-nji maddalaryň üçünji böleklerinde «ýerli häkimiýet» diýen sözleri «häkimiýetiň ýerli» diýen sözlere çalşyrmaly.

II. Şu Kanun resmi taýdan çap edilen gününden güýje girýär.

Türkmenistanyň Prezidenti
Gurbanguly Berdimuhamedow.


Aşgabat şäheri. 2017-nji ýylyň 4-nji fewraly.